Marynyň taryhyna syýahat:"Marguş: beýik medeniýetiň syrlary we hakykaty"
Berdimuhamedowyň başlangyjy we tabşyrygy boýunça neşir edilen bu kitabyň ajaýyp ylmy gözlegleriň netijesidigini nygtady, şol gözlegler bolsa Türkmenistanda gadymyýetiň beýik medeniýetiniň — Marguş siwilizasiýasynyň açylmagyna getirdi. Çykyşda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda geçirilýän we ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny, şol sanda bilimi, ylymy we medeniýeti gurşap alýan Beýik Galkynyş syýasatyna häsiýetnama berildi. Şu ýyl Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy konferensiýalary sany boýunça deňsiz-taýsyz bolan ýyl boldy diýlip nygtaldy. Ertir açylýan şol konferensiýalaryň nobatdakysynyň ady, ýagny «Türkmen topragy gadymy medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ojagydyr» diýen ady professor W.I.Sarianidiniň kitabynyň temasy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. ... Dowamy


































